Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlar

Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlar

Argentinanyň Hökümeti Eduardo Antonio Suaýny ýurduň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belledi. Eduardo Suaýn häzirki wagtda Argentinanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmak bilen, Türkmenistandaky diplomatik wezipesini ýurduň Moskwada ýerleşýän wekilliginden amala aşyrar.

2021-nji ýylyň fewralyndan bäri Argentinanyň Russiýadaky doly ygtyýarly wekili hökmünde zähmet çekýän Eduardo Suaýn şol bir wagtda Aşgabatda hem diplomatik wezipesini dowam etdirer.Ol hukuk hem-de diplomatiýa ugrundan ýokary bilimli bolup, 1999 — 2006-njy ýyllarda Argentinanyň Italiýadaky ilçihanasynda, 2016-2017-nji ýyllarda Paragwaýdaky diplomatik wekilhanasynda işledi.

Eduardo Suaýn şeýle hem 2011 — 2015-nji ýyllarda respublikanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi.Russiýada diplomatik wezipä bellenilmezinden ozal, ol Argentinanyň DIM-niň ýanyndaky Diplomatik gulluk institutyna ýolbaşçylyk etdi.

Ýene degişli makalalar

Libertadores Kubogynyň täze çempiony
Berdimuhamedow: Türkmenistan ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär
ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy
Fransuz Polineziýasynda garaşsyzlygyň tarapdarlary ýeňiş gazandy
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar