Türkmenistanda Arkadag futbol toparynyň FIFA-nyň we AFK-nyň ýaryşlarynda netijeli çykyş etjekdigine ynam bildirilýär

Türkmenistanda Arkadag futbol toparynyň FIFA-nyň we AFK-nyň ýaryşlarynda netijeli çykyş etjekdigine ynam bildirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Arkadag futbol toparynyň Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolmagy bilen gutlady. Gutlagda şeýle sözler bar:

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň içeri we daşary syýasy ähmiýetli beýik üstünlikler bilen jemlenýän günlerinde futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üstünlikli geçmegi hem-de Watanymyzyň iň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag toparynyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony, şeýle-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek, ruhy, beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çempionaty has täze derejede we täze şertlerde geçirildi.

Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary bar.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen, akylly şäher konsepsiýasy esasynda hereket edýän Arkadag şäheri muňa ajaýyp mysaldyr.

Bu ýerde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam edýän sport düzümleri döredildi.Ol halkara ölçeglere laýyk gelýän köpugurly sport toplumyny, sport merkezini we 10 müň orunlyk stadiony öz içine alýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň belleýşiňiz ýaly, sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür.Türkmenistanda ussat türgenleriň sany ýylsaýyn artýar, dünýä talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport desgalary gurulýar.

Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany köpelýär hem-de dünýä, sebit derejesinde sport ýaryşlary guralýar.Bedenterbiýäni we sporty has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri bolan täze Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda futbol toparynyň döredilmegi ýurdumyzyň sport durmuşynda uly waka boldy we sportuň bu görnüşiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly itergi berdi.

Arkadag futbol toparynyň ilkinji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Ýurdumyzda futboly ösdürmekde we giňden ýaýratmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) we Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFK) agzalygyna kabul edildi. 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentiniň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran sapary hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze sahypany açdy.Häzirki wagtda FIFA-nyň we AFK-nyň degişli meýilnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanda futboly mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işler amala aşyrylýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Häzirki wagtda ýurdumyzyň içerki ýaryşlaryndaky ýeňiji futbol toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýaryşlaryna, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara, Dünýä Kubogy, Aziýanyň Kubogy atly halkara ýaryşlaryň saýlama tapgyrlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Arkadag futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi hökmünde FIFA we AFK tarapyndan geçirilýän ýaryşlarda, beýleki abraýly futbol bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üstünlikli geçmegi hem-de Watanymyzyň iň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag toparynyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony, şeýle hem Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy bilen Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Ýene degişli makalalar

Arsen Wenger Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuw etdi
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Arkadag futbol topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy
TÝL ― 2023: Ahal Energetigi ýeňip, dördünji orna göterildi