Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar

Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar

Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda azyk gytçylygynyň dowam edýändigini, harytlary satyn almak üçin nobata durýan adamlaryň arasynda uruş-dawanyň hem bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar. “Diňe Aşgabatda öňküsi ýaly her gün irden her adama “Ahal” ýagynyň bir litri satylýar.

Adamlar gije sagat 2-den nobata durýarlar. Ýagy irden sagat 7-de satyp başlasalar, onda ol 15-20 minudyň dowamynda satylyp gutarýar.Eger polisiýa işgärleri ýa-da raýat eşigindäki resmiler ýagyň satuwyna gözegçilik etmese, onda köplenç uruş bolýar.

Esasan-da, aýallar özaralarynda uruşýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtdaky habarçymyz aýtdy. Şeýle-de, habarçymyz “Ahal” ýagynyň döwlet dükanynda 3 manat 60 teňňeden satylýandygyny, ýöne hususy eýeçilikdäki dükanlarda onuň bahasynyň 10 manada barabardygyny we onuň dükan tekjesiniň görünmeýän, buky ýerinde satylýandygyny belledi. “Aşgabatda daşary ýurtda öndürilen bir litrlik “Oleýna” ýagynyň bahasy 13 manada durýar. Ýöne türkmen maşgalalarynyň köpüsi bu ýagy “tagamsyz” diýip, “Ahal” ýagyny satyn almaga synanyşýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde, “Ak pamyk” atly pagta ýagyna alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilmeýär.

Bir litri 2 manat 60 teňňeden satylýan bu ýagyň hili gowy däl” diýip, habarçymyz sözüni jemledi.Daşoguzdaky beýleki bir habarçymyz hem, bazarlarda ýagdaýyň üýtgemeýändigini, ösümlik ýagy, çörek we towuk eti ýaly azyk harytlarynyň gytçylygynyň dowam edýändigini aýdyp, şeýle diýýär: “Adamlar haýsy etrapda bolsa-da, bir ýerde arzan ýagyň, çöregiň ýa-da towuk etiniň satylýandygyny eşitseler, çozup barýarlar.

Nähili haryt bolsa-da, sähel arzan bolsa adamlar şol ýere barýar.Nobatlardaky adamlar, hamana, zombi filmlerindäki zombileri ýadyňa salýar.Bu golaýda bolçulyk boljaga meňzemeýär.Adamlar süýji-köke, wafli, şokolad iýmek hakda pikir hem etmeýärler.

Uny, ýagy, çöregini tapyp bilseler razy.Bazarda iň elýeterli haryt kartoşka.Adamlar çörek deregine kartoşka gaýnadyp, iýip başlady” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly habarçymyz aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda indi bir ýyla golaý wagt bäri ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň aglabasy döwlet eýeçiligindäki dükanlarda tapdyrmaýar.Harytlaryň hususy dükanlardaky bahasy bolsa, yzygiderli gymmatlaýar. Şu aýyň birinji on günlüginde Aşgabadyň käbir bazarlarynda täze söwda tekjeleri döredilip, olarda arzanladylan bahadan satylýan azyk harytlarynyň käbir görnüşleri peýda boldy.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary we garaşsyz neşirleriň käbirleri muny Garaşsyzlyk baýramynyň we Halk maslahatynyň öň ýanynda, wagtlaýyn amal edilýän çäre diýip düşündirdiler.Geçen hepdäniň başynda bolsa, Azatlyk Radiosy paýtagtyň we Daşogzuň käbir bazarlarynda ýurtda “azyk bolçulygyny” mazamlaýan içi pagta bilen doldurylan ýasama towuk etleriniň satyjysyz tekjelerde peýda bolandygyny habar berdi. Şeýle-de, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bazarlarda senagat harytlarynyň, hususan-da diş pastalarynyň, hem-de Wash & Go, Head & Shoulders ýaly şampunlaryň ýalan-ýasama görnüşleriniň hem satylyp başlanandygyny aýtdy. 17-nji sentýabrda bolsa, Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanlarynyň biriniň öňünde nobata garaşýan adamlaryň hataryndan bir adamyň dükanyň jogapkär işgäridigi aňylýan bir zenan maşgala nägilelik bildirýän pursatlaryny görkezýän wideo ýazgyny resmi websaýtynda çap etdi.

Bu waka, Türkmenistanyň indi tapgyr ikinji ýyl döwlet tarapyndan planlaşdyrylan galla hasylyny dolup bilmän, onuň netijeleri barada anyk sanlary mälim etmeýän, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň Gazagystandan 100 müň tonna galla satyn alandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. 5-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda “ýygnalyp alnan gallanyň möçberiniň ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar” diýip, “gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýipdi.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýär. Ýurduň media serişdelerinde bu ykdysady kynçylyklar barada hiç zat agzalman, ýurtda azyk bolçulygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilendigini delillendirmek maksady bilen “naz-nygmatlardan” doly tekjeleriň wideolary resmi telewideniýede görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň bazarlarynda “görkezme-esbap” towuk etleri peýda bolup başlady
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki sinagoglaryň biriniň aşagynda gizlin tuneller tapyldy
HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar
Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler
OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler