Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi

Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm çörek boldy. Hünärmenler bu serişdäni “Berzeňňi” mineral suwuna goşmagy hem meýilleşdirýärler.

Degişli barlaglar geçirilenden soňra, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan çörek we çörek önümleriniň önümçiliginde buýan köküniň ekstraktyny ulanmagyň ylmy taýdan esaslandyrmasy berildi.

Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleriniň bellemegine görä, buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusy beýleki derman serişdeleriniň täsirini güýçlendirip biler we hatda dermanlar bilelikde ulanylanda, olaryň terapewtik mukdaryny ýokarlandyrmaga-da mümkinçilik berýär.

Turşynyň ulanylmagy diňe bir önümleriň iýmit we tagam görkezijilerini gowulandyrmaga däl, eýsem, olaryň tebigy tagamyny we hoşboý ysyny saklamaga-da mümkinçilik berýär.

Şeýle-de hünärmenler çörek we çörek önümlerini taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işläp düzdüler. Bular köpçülikleýin önümçilik üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm taýýarlanylýar we ýerlenilýär.

Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabatda “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän zawody gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylyň ýanwarynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylmagy meýilleşdirilýän bu kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
08.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk Döwlet maksatnamasy hereketde
Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk Döwlet maksatnamasy hereketde
Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär