BUÝAN KÖKÜNDEN TÄZE DERMAN

BUÝAN KÖKÜNDEN TÄZE DERMAN

Türkmendermansenagat birleşiginiň Saglyk derman kärhanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde, buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermany önümçilige girizdi.Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar.

Milli Liderimiz tarapyndan işlenip düzülen Saglyk Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha ýaýbaň-lanýar.Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler, ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, eziz Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi.

Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öň¬debaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, saglygy goraýyş ulgamy düzümleýin esasda döwrebaplaşdyryldy.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşiň belent sepgitleri nazarlanylýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem dünýäniň öň¬debaryjy standartlaryny iş tejribesine ornaşdyrmak tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar.Durmuş taýdan esasy derman serişdeleriniň sanawy, derman formulýary, şeýle hem gollanmalar we beýanlar kesgitlendi. Ýerli derman serişdeleriniň önümçiliginiň kämilleşdirilmeginde tebigy çig mallardan derman serişdeleriniň öndürilişine aýratyn üns berilýär.

Import arkaly we ýerli kärhanalardan gelýän derman serişdeleriniň ýokary hilliligini, howpsuzlygyny we netijeliligini gazanmak maksady bilen, dermançylyk işini ygtyýarlandyrmak ýöredilýär.Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmegi maksat edinip, Türkmendermansenagat birleşigi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dermanhanalaryň ençemesi gije-gündiziň dowamynda işleýär.Türkmendermansenagat birleşigine degişli derman kärhanalary hemmetaraplaýyn düýpli kämilleşdirildi.Bu kärhanalarda melhemlik we derman üpjünçiligi işinde döwlet syýasatyny amala aşyrmak, ilatyň ýokary bejeriji häsiýetli we saglyk üçin howpsuz dermanlar, lukmançylyk ähmiýetli serişdeler bilen üpjün edilmegini gazanmak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmendermansenagat birleşiginiň täze ammarlar toplumy derman serişdelerini ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.Türkmendermansenagat birleşiginiň işleri lukman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bolan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabyna esaslanyp guralandyr.

Halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikler, türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýeti, uly bejerijilik ähmiýeti ylmy taýdan esaslandyrylyp, häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde ulanylýar.Buýan kökli gök çaý, Dag oty, Böwrek, Hoşboý, Käkilik, Rahatlandyryjy, Seleň, Saglyk melhem çaýlary, narpyz ýaprakly gök çaý, sennanyň ýapragynyň melhem çaýy, ýandagyň oty we güli, ýürek-damar gurplandyryjy melhem ýygymy hem-de Türkmenistanyň melhem çaýlary toplumynyň içi 6 görnüşli çaýdan ybarat bolup, ilata hödürlenýär.

Melhem çaýlaryň gaplanan gutusynda olaryň dermanlyk häsiýeti, düzümi, taýýarlanylyşy, saklanylyşy görkezilýär.Bu bolsa adamlaryň olardan dogry peýdalanmagyna kömek berýär.

Türkmendermansenagat birleşiginiň Saglyk derman kärhanasy hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işine esaslanyp, 150-ä golaý derman serişdelerini öndürýär.Buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr.

Onuň süýjüligi şekeriň¬kiden 40 göterim artykdyr.Lukmançylykda buýan köki sowuklama garşy, böwrek daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giň¬den peýdalanylýar.Buýanyň köküniň sowuklama garşy, gakylyk gopduryjy, bakterisid täsirleri, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýan häsiýetleri bellidir.

Ol öz şypalylyk gymmatlylygy boýunça iň öň¬däki orunlarda durýan dermanlyk ösümlikdir.Türkmenistanda buýan köküniň toşaby, süýri dänesi, melhem çaýlary öndürilýär.Lukmanlar keselleriň öňüni almakda, bejermekde we saglygy dikeltmekde bu melhemleri ulanmagy raýatlara maslahat berýärler.

Hormatly Prezidentimiziň buýanyň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenmek we çig malyny öndürmegiň mukdaryny ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalar arkaly özleşdirilmegini ýola goýmak we onuň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrmak babatda degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda, ylmy-barlag işleri dowam edip, buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär.

Netijede, ondan taýýarlanylan täze dermanlyk serişde önümçilige girizildi.Buýanyň keselleri bejermekde, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirleri bar.Ogulmähri Geldiýewa

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana gurlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar
Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin öndürýän kärhana gurlar