Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar

Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Hökümetiň 17-nji dekabrdaky mejlisinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmendermansenagat birleşiginiň Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhanany gurmak boýunça potratçyny seçip almak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi. Şonuň netijesinde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň hödürlän baha teklibi saýlanyp alyndy. Bu teklibe Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda italýan kompaniýasynyň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek içgin ara alyp maslahatlaşmak hem-de öz tekliplerini garamaga bermek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär
Türkmenistanda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär