Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär

Türkmenistanda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumyna degişli glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Bu baradaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Şeýle-de wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan kärhanany gurmak boýunça geçiren bäsleşiginde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň ýeňiji bolandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk bilen bagly meseläni ýene-de bir gezek içgin ara alyp maslahatlaşmagy hem-de öz tekliplerini garamaga bermegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

BUÝAN KÖKÜNDEN TÄZE DERMAN
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Türkmenistanda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana gurlar