Türkmenistanda Belgiýanyň saýlama şokolady Godiva-nyň ilkinji wekili peýda boldy

Türkmenistanda Belgiýanyň saýlama şokolady Godiva-nyň ilkinji wekili peýda boldy

Türkmen alyjylary hakyky belgiýa şokoladynyň tagamyndan lezzet almaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanda Godiva saýlama şokolady bilen ýeke-täk üpjün ediji Aşgabatdaky sergi otagyna çagyrýar.

Godiva şokoladynyň taryhy 1926-njy ýylda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde başlandy. Ýokary derejeli şokoladyň her ýygyndysy üçin diňe ýokary hilli we tebigy önümlere esaslanýan özboluşly taýýarlaýyş usuly işlenilip düzülýär.

Aşgabatdaky sergi otagynda belgiýaly haryt nyşanynyň önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär: şokolad plitkalary, kökeler, gutulara gaplanan we çekimli içi dürli huruşly süýjüler, sowgat toplumlary we ş.m.

31-nji marta çenli ajaýyp Godiva şokoladyny 20% arzanladyş bilen satyn almak mümkindir.

Ýatlatsak, Aşgabatdaky sergi otagynda türkmenistanlylaryň arasynda söýgi gazanan Lindt haryt nyşanly şweýsar şokoladynyň hem dürli görnüşleri hödürlenýär.

31-nji marta çenli bir Lindt şokolad önümini satyn alnanda ikinjisi sowgat berilýär.

Lindt we Godiva sergi otagy Türkmenistanyň ähli sebitlerine eltip bermek hyzmatyny guraýar.

Mundan başga-da, müşderiniň islegi boýunça söwda edilende sowgatlyk gaby hem sargyt etmek mümkindir.

Sergi otagynyň hödürleýän önümleri bilen dükanyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýa-da aşakdaky salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, köç. Alyşir Nowaýy, Altyn zaman binasy, 1-nji gat

Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 65) 90 00 05, (+993 63) 73 22 44.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Aşgabatda Dolce&Gabbana dükany açylar
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
Erkek egin-eşigi we aýakgap dükany Zilli 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär
Italiýanyň Stefano Ricci haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşiklerine 50%-e çenli arzanladyş hödürleýär