Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler

Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, “Togalak — 1” ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň baý medeni mirasyny giňişleýin öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň sebitlerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygy aýdyldy.

Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurdaky döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar...
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy