Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Şu gün Mary welaýatynda Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi öz işine başlar. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri Türkmenistanyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutany hepdeligiň dowamynda şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen has-da baýlaşdyrjakdygyny hem nygtaýar.

Türkmen Lideri gutlag hatynyň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki, şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydygyny hem belleýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda täze binalar...
“Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Türkmen alabaýlary — milletimiziň buýsanjy we köpasyrlyk mirasy