Türkmenistanda BSG-a agza bolmak boýunça işewürlik gollanmasy taýýarlanyldy

Türkmenistanda BSG-a agza bolmak boýunça işewürlik gollanmasy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Halkara söwda merkezi (HSM) bilen hyzmatdaşlykda hususy pudagyň wekilleri üçin üç dilde ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak işini we onuň netijelerini düşündirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işewürlik gollanmasyny taýýarlady.

Ministrligiň resmi web-saýtynda eleýeterli bolan gollanma BSG-ä agza bolmagyň esasy ugurlaryny we onuň ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna ýetirýän täsirini jikme-jik düşündirýär.

Sebit we dünýä söwda gatnaşyklaryna ýurduň has işjeň gatnaşmagyny şertlendirjek bu başlangyç HSM-niň “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we baglanyşyk” taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Gollanma BSG barada bilinmeli esasy maglumatlardan başlap, onuň eksport edijiler üçin döredýän anyk bähbitli taraplary we intellektual eýeçiligi goramagyň düzgünlerine çenli giň ugurlardaky meseleleri öz içine alýar.

2022-nji ýylyň fewralynda “BSG-ä goşulýan ýurt” derejesini alan wagtyndan bäri, Türkmenistan halkara söwda ulgamyna goşulyşmak boýunça işleri işjeňleşdirdi. Şunda BSG-niň hukuk ulgamyny we onuň milli söwda syýasatyna ýetirýän täsirini öwrenmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen gollanma BSG-ä goşulmak işini aýdyňlaşdyrmakda ýurduň tagalla edýändigini we halkara işewür jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

HSM-niň bilermeni: Türkmenistan Ýewropada uly isleg bildirilýän harytlaryň giň görnüşini öndürýär
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda strategik köpri hökmünde çykyş edýär
2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda türkmen türgenleri 123 medal gazandylar
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmen wekiliýeti derman serişdeleri dolandyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar
ÝB Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýetiň we söwda gurşawynyň berkidilmegini goldaýar