Türkmenistanda buýan köküniň ýygymyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda buýan köküniň ýygymyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Buýan agrosenagat toplumynyň hünärmenleri buýan köküni ýygnamak möwsümine taýýarlyk görýärler.

Kök ýygnamak işine mart aýynda girişiler. Munuň üçin toplumda enjamlaryň we tehnikalaryň taýýarlygy birlaý gözden geçiriler. Şu ýyl Lebap welaýatynyň çäklerinde kök ýygnaýjy toparlaryň 10-sy işlär.

Olar güýzüň ahyryna çenli Amyderýanyň goşa kenarynda 17 müň tonnadan gowrak kök ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ýygymyň esasy nokatlary Halaç, Hojambaz, Çärjew we beýleki käbir etraplarda bolar.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Hem içerki bazara, hem eksporta
Ýurduň demirgazygynda kartofel ýygymy dowam edýär
Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady
Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady
Türkmenistanda 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler