Hem içerki bazara, hem eksporta

Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy.

Gabynyň daşynda Türkmenistanda öndürildi diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.

― 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän ýyladyşhanada şu gezek pomidoryň Marwelan we Altes, ýertudanasynyň bolsa Festiwal görnüşleriniň şitillerini oturtdyk. Pomidorlar dekabrda, ýertudanasy bolsa ýanwarda hasyla durdy. Ýygym başlanandan bäri pomidoryň 100 tonna golaýyny, ýer tudanasynyň 1 tonnadan gowragyny ýygdyk ― diýip, ýyladyşhananyň agronomy Timur Andaşew gürrüň berýär.

Umuman, bu ýerde 1 gektar meýdana ýaýylyp ýatan pomidordan iýun aýyna çenli 300 tonna çenli hasyla garaşylýar. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, hasylyň agramly bölegi eksporta ugradylar. Baharyň gelmegi bilen, bu ýyladyşhananyň önümlerini import edijileriň hataryna owganystanly işewürler hem goşular.

Bir ýarym aý bäri ýyglyp ýörlen ýertudanasyndan bolsa möwsümiň ahyryna çenli 8 tonna hasyla garaşylýar. Ýarym gektar meýdanda ýerleşýän ekiniň hasyly, esasan, içerki bazara ugradylýar.

Döwrebap ýyladyşhanada bu ekinleriň ikisi boýunça hem baý tejribäniň toplanylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ekini suwarmak we dökünlemek işleri doly awtomatlaşdyrylan. Olar ýörite arylaryň kömegi bilen tozanlandyrylýar. Bu ýerde zähmet çekýän 20-den gowrak işgäre diňe ekine gözegçilik edip ýörmek, käte-de artykmaç baldaklary aýryp, hasyl ýygylýan günlerde bolsa gaýratly işlemek galýar.

Içerki bazara-da, eksporta-da iberilýän hasyly zaýasyz daşamak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Eksport babatynda ýöriteleşdirilen ýerli kompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalanylýan bolsa, içerki bazar üçin ýyglan hasylyň müşderisi ekiniň üstüne gelip dur.

Hawa, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmekde hususy pudagyň uly paýy bar. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu pudagyň wekilleri milli ykdysadyýetimizdäki ösüşleriň hem agramly ýüküni egnine alýarlar. Bu işde gündogar sebitiň telekeçileriniň hem mynasyp goşandynyň bardygyna şaýat bolmak ýakymly.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21747

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady