Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy

Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy

Okuw ýyly ýakynlaşdygyça Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak üçin çykdajylar ýokarlanýar. Azatlygyň habarçylary parasyz çaganyň mekdebe alynmagy üçin mümkinçiligiň esli azalýandygyny habar berýärler. Çaganyň üç arka garyndaşlarynyň sud edilmändigini subut etmek talaby hem körpeleriň mekdebe alynmagyny kynlaşdyrýar.

Türkmenistanda başlangyç we orta bilim mugt hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalaryň çagany mekdebe ýazdyrmak üçin çykdajylary ýyl-ýyldan köpeldi we müňlerçe dollara ýetdi. Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysynyň sözlerine görä, şunça pul çagany daşary ýurt dillerini çuňňur öwredýän ýerli ýöriteleşdirilen mekdeplere salmak üçin zerur.

Iň uly mukdarly para ene-atalaryň bilim derejesi has ýokary hasaplaýan mekdeplere niýetlenýär.

"Türkmenbaşydaky iň meşhur 10-njy, 15-nji we 24-nji mekdepler hasaplanýar. Olar rus, iňlis we nemes dillerini ýörite öwredýär. Bu ýerde mugallymlar bilen tölegli goşmaça sapaklar hem alyp bolýar" - diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçymyz çagalaryň ukyby, bäsdeşlik esasynda ýa-da golaýda ýaşaýandygy esasynda mekdebe mugt girmek mümkinçiliginiň tas ýokdugyny belleýär: “Bu mekdeplere esasan gurply adamlaryň çagalary okaýar".

Azatlyk Radiosy mekdepleriň administrasiýalary bilen habarlaşmaga synanyşdy, ýöne maglumat alyp bilmedi.

Çagalary mekdebe salmakdaky başga bir problema, garyndaşlarynyň suda çekilmändigini subut etmekdir. Talap edilýän üç arka resminamasy çaganyň garyndaşlarynyň jenaýat işine çekilmändigini subut etmeli.

Bu talap käbir çagalar baglaryna kabul etmekde hem ulanylýar. Şeýlelik-de, garyndaşlary jenaýat işine çekilen körpeler çagalar baglaryna hem-de mekdeplere gatnamak mümkinçiliginden mahrum bolýar. Azatlygyň habarçylary paranyň bu meseläni hem çözýändigini belleýärler. Pul berip, hem mekdebe ýazylyp, hem-de zerur resminamalary alyp bolýar.

Ýaňy-ýakynda çagalary mekdebe salmak üçin, olaryň çagalar bagyna gatnandygy barada resminamanyň talap edilýändigi mälim bolupdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, hususan-da, Balkan welaýatynda ene-atalaryň çagasynyň tomus aýlarynda bakja gatnandygyny tassyklaýan resminamalary we munuň üçin edilen tölegleriň kwitansiýasyny görkezmelidigini habar berdiler.

Bu aralykda, Mary welaýatynda çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin para mukdary azyrak görünýär. Marydaky habarçynyň sözlerine görä, bu sebitdäki meşhur mekdeplere ýazylmak ortaça 5000-10000 manat tölemeli bolýar. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça bu 1428-2857 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Habarçy para bermeli bolýandygyna garamazdan, çagasyny gowy hasaplanýan mekdebe salmak isleýän ene-atalaryň köpüsini belleýär. Ol Maryda iň meşhur hasaplanýan okuw jaýlarynyň arasynda Şatlyk obasyndaky fizika we matematika mekdebini, öňki türkmen-türk mekdebini, 21-nji we 16-njy ýörite mekdepleri, şeýle hem rus dilinde sapak berýän 5-nji we 14-nji mekdepleri agzap geçdi.

Ene-atalaryň gürrüň bermegine görä, çagany mekdebe salmakdan başga-da, ony belli bir synpa ýazdyrmak hem çykdajylary talap edýär. 1000-2000 manat para berip, belli bir klassy ýa-da mugallymy saýlap bolýar. Şeýle hem pula klasyň içinde islenýän hatary we partany saýlap bolýar. Birinji hatara isleg köp bolýar. Galan hatarlardaky ýerleri saýlamak üçin mugallyma sowgat bermek ýeterlik bolýar.

Mary welaýatynda çagany mekdebe ýazdyrmak üçin zerur bolan köpsanly resminamalary hem pula alyp bolýar. Ýerli keselhanalarda medisina sprawkasynyň bahasy 5-10 manada durýar, ýöne munuň üçin nobatda durmaly bolýar. Resminamany çagany getirmän hem ýazdyryp bolýar, munuň üçin 150-den 200 manada çenli tölemeli bolýar. Bu barada Marydaky habarçymyz 12-nji awgustda habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar
Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawynda ilkinji onluga girdi, DIM Russiýanyň Owganystandaky ilçihanasyndaky jenaýatçylykly heretlere nägilelik bildirdi, Türkiýä gitmek üçin wizalary resmileşdirmekde gerek bolan resminamalaryň sanawy
Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär
Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy
Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady
Maryda PÝGG işgärleri sürüjilere jerime ýazmak işlerini’ dowam etdirýärler