Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär

Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär

1. Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi ýurduň raýatlaryny dürli derejeler boýunça taýýarlyk we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçmäge çagyrýar. Bu taýýarlyk okuwlaryna ýazylmak adaty görnüşde hem-de onlaýn alnyp barylýar. Okuwlaryň möhleti 2 aýdan 3 aýa çenli bolup, sapaklar öwrenijileriň isleglerine görä irden hem-de agşam geçilýär.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýeden talyp wizasyny almaklary üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy. Talap edilýän resminamalaryň sanawy Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasynyň öňündäki maglumat tagtasynda ýerleşdirildi. Kabul edilişige ýazylmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99312940027; +99312940029 (09:00-dan 18:00-a çenli).

3. Türkmenistanda täze başlanýan okuw ýylyna ýokary derejedäki taýýarlyklar tamamlanyp, eýýäm şu penşenbe güni okuwlar başlanýar. 1-nji sentýabrda täze mekdepler açylyp, 159 müň 772 sany 1-nji synp çagalaryň mekdebiň bosagasyndan gadam basmagyna garaşylýar.

4. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza almak üçin araçylara ýüz tutmazlygy maslahat berýär. Bu bildiriş diplomatik edaranyň resmi web sahypasynda neşir edildi. “Wiza amallaryny ýerine ýetirmek ýa-da ýeňilleşdirmek üçin tölegli hyzmatlary hödürleýän araçylar babatda seresaplyk bilen Ilçihana habar bermek maslahat berilýär”.

5. 30-njy awgustda SSSR-iň ilkinji we ýeke-täk Prezidenti hem-de SSKP MK-nyň soňky Baş sekretary Mihail Gorbaçýow 92 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol sişenbe güni agşam agyr we uzaga çeken keseli zerarly ýogaldy.

6. BAE-niň ýene bir welaýaty birgezeklik polietilen paketleri ulanmakdan ýüz öwürdi. Ýurduň Şarja emirliginde 2024-nji ýyldan başlap, bir gezeklik plastik paketleri we materiallary satmak, öndürmek, import etmek ýa-da hödürlemek gadagan ediler. 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan bolsa dükanlar alyjylardan plastik haltalar üçin azyndan 25 fil töleg alyp başlarlar.

7.Häzirki wagtda çempionlyk derejesine eýe bolan Altyn asyr topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda Nebitçiden” üstün çykdy.Balkanabadyň “Sport toplumy” stadionynda geçen gyzgalaňly duşuşyk 0:2 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykda aragatnaşykçylaryň gollaryny Begençmyrat Myradow (18-nji minut) bilen Begmyrat Baýow (51-nji minut) dagylar geçirdi.Birinji aýlawy utulyşsyz tamamlan Altyn asyr indiki duşuşygyny 3-nji sentýabr güni myhmançylykda Energetik bilen geçirer. Şol gün Nebitçi Balkanabat şäherinde Ahaly kabul eder.

8. Türkmen dzýudoçylary 3-4-nji sentýabrda Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçiriljek Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Bu ýaryşda dünýäniň 38 ýurdundan 311 türgeniň 14 medal toplumy üçin güýç synanyşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!
Aşgabatda Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama duşuşygy geçirildi
Bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi