Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Mämmethan Çakyýew Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 123,8 göterime deň bolandygyny hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hasabata görä, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 106,2 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 104,6 göterime barabar boldy.

Şeýle hem wise-premýer “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany awtoulag, deňiz we demir ýol ulaglary arkaly ýükleri daşamaga ýüztutmalary sanly ulgam arkaly kabul etmek üçin zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar
Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar