Türkmenistanda demir ýol arkaly konteýnerleri daşamagyň bahalary kesgitlenildi

Türkmenistanda demir ýol arkaly konteýnerleri daşamagyň bahalary kesgitlenildi

Konteýnerleri Türkmenistanyň çäginde demir ýol ulaglary bilen daşamagyň 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 31-nji maýyna çenli degişli bahalary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň çäginden demir ýol ulaglary bilen üstaşyr daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak, demir ýol geçelgeleriniň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bu baradaky Buýruga gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew öz hasabatynda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň kesgitlenilip, degişli logistika şertleriniň döredilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna konteýnerleri daşamak üçin ýeňillikli nyrhlaryň ulanylmagyny kadalaşdyrýan degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekip, bu babatda agentligiň Baş direktoryna anyk görkezmeleri berdi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini nygtady we bu ugurdaky meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi we käbir döwlet ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdan Özbegistana ugradylan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Türkmen wekiliýeti Bakuda Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagyna gatnaşdy
Düýn Gaza 808 Konteýnerlik Ynsanperwer Kömegi Berildi
Gaza 552 Konteýnerlik Insanperwer Kömegi Berildi
Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
TULM Hytaýdan Türkmenistana yzygiderli konteýner daşamalaryny ýola goýýar