Türkmenistanda energetika enjamlary üçin hyzmat merkeziniň gurluşygy dowam edýär

Türkmenistanda energetika enjamlary üçin hyzmat merkeziniň gurluşygy dowam edýär

Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji” kompaniýasy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda energetika enjamlaryny abatlamak we şolara hyzmat etmek boýunça merkeziniň gurluşygyny dowam etdirýär. Bu täze desga “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň buýurmasy esasynda amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan okuw we hyzmat merkeziniň işgärleri üçin otaglaryň, maslahatlar zallarynyň şeýle-de beýleki otaglaryň gurluşygy tamamlandy.

Mundan başga-da, merkeziň çäginde 4 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän ussahanalar gurlandyr. Ussahanalarda gazturbinalaryň böleklerini dikeltmek üçin dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylar.

Häzirki wagtda ussahanalaryň bölümlerindäki ýöriteleşdirilen iş ýerlerinde çylşyrymly ulgamlary daşamak we üpjün etmek üçin köpri kranlary oturdyldy.

Şeýle hem elektrik generatorlary, dürli kuwwatlykdaky transformator podstansiýalary, elektrik panelleri we beýleki elektrik enjamlary has ýokary tehnologiki derejede abatlaşdyrmak üçin zerur bolan transformator enjamlary bilen üpjün edilen hyzmat ediş bölümi, ammar binasy, himiýa ussahanasy hem-de hyzmat merkeziniň ähli işlerini ýerine ýetirmek etmek üçin tehniki binasy ulanmaga bermäge taýýar edildi.

“Çalik Enerji” kompaniýasy “Türkmenenergo” kärhanasy üçin Merkezi Aziýada iň uly häzirki zaman ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen merkeziň gurluşygyny 2022-nji ýylda doly tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu ýerde ilkinji gezek ýerli şertlerde elektrik stansiýalarda ulanylýan kuwwatly gazturbinalary üçin hyzmatlar gurnalar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bitewi energetika halkasynyň gurluşygy dowam edýär
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanda ilkinji ýel we gün elektrik stansiýasyny gurjak kompaniýa seçilip alyndy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi