Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer, ylmy, bilim we sport ýaly birnäçe meselelere ünsi çekdiler. Ilçi M.Aýazow türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp meýilleşdirilen çäreler üçin ministrlige berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Iki ýurduň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň dowam edýän tematiki olimpiadalara gatnaşmagy boýunça meseleler hem gozgaldy.

Taraplar Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi boýunça hem pikir alyşdylar.

Sport pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada aýdylanda bolsa, ilçi Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy toparynyň 2024-nji ýylyň mart aýynda Sahkadzor şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin Ermenistana geljekdigini belledi. Şeýle-de diplomat ermeni hokkeýçilerini aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara hokkeý ýaryşa çagyrdy.

Özara düşünişmek häsiýetinde geçen duşuşykda bilim, ylym, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Şu ýyl Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ermenistanda Arkadag şäheriniň seýsmiki mikrosebitleýiş işleri tanyşdyryldy
Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Moskwany we Aşgabady Türkmen howa ýollarynyň göni howa gatnawy birikdirer, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawy köpçülige ýetirildi we beýleki habarlar
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar