Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşylýar

Türkmenistanda garyň ýagmagyna garaşylýar

1920-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howanyň bolmagyna garaşylýar.Hepdäniň başynda käbir ýerlerde ýagyş we gar gatyşykly ýagynlaryň, şeýle hem güýçli ýeliň bolmagy mümkin.Aşgabatda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy 0…+2 gradusdan +6…+8 gradusa çenli, gijelerine bolsa -1…-3 gradusdan +2…+4 gradusa çenli bolar. Ýagyş we çygly gar görnüşindäki ýagynlar bolup biler.

Ahal welaýatynda açyk bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +7…+12 gradusa çenli, gijelerine 0…-5 gradusdan +1…+6 gradusa çenli bolar. Ýagyş we çygly gar ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar.Gündizlerine howanyň temperaturasy +7…+12 gradus bolup, gijelerine bolsa -4…+1 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar.Hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagynlaryň ýagmagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolar.Gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +6…+11 gradus bolup, gijelerine -4…+1 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar.Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -1…+4 gradusdan +5…+10 gradusa çenli, gijelerine bolsa -1…-6 gradusdan 0…+5 gradusa çenli bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy -4…+1 gradusdan +1…+6 gradusa çenli, gijelerine bolsa -3…-8 gradusdan -3…+2 gradusa çenli bolar.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň 27-29-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
2026-njy ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Melodiýa orkestriniň bahar çemeni
Günbatar Türkmenistanyň käbir sebitleri sil suwlaryndan zyýan çekdi
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar