Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)

Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)

24-nji oktiýabrda prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Deňiz türgenleşik-okuw merkezindäki harby türgenleşiklere syn etdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Türkmenbaşy şäherindäki uçar menzilinde kiçi Berdimuhamedow söweş uçarlary, dikuçarlary we ýük uçarlary gözden geçirdi. Ol bu ýerden harby dikuçar bilen harby-meýdan türgenleşikleriniň geçýän ýerine bardy.

Gury ýer harby bölüminiň, harby-howa ýollary güýçleriniň, howa hüjümlerinden goranmak bölümiň we harby-deňiz güýçleriniň taýýarlyklary barada goranmak ministr Begenç Gündogdyýew hasabat berdi.

Türgenleşiklerde harbylar howa hüjümlerinden goranmagyň ýerüsti we gämi ulgamy arkaly türkiýäniň önümi bolan pilotsyz “Baýraktar TB2 ” uçaryny urdylar, şeýlede pilotlar “Embraer EMB 314 Super Tucano” hüjüm uçary we “Aermacchi M-346” reaktiw uçary bilen duşmanyň ýerdäki emeli desgalaryny nyşana aldylar.

Harbylaryň ýörite bölümleri binanyň we deňiz gäminiň ele salynyşyny görkezdiler.

TDH-niň bellemegine görä, harby türgenleşik “TürkmenÄlem 52оE” emeli hemranyň kömegi bilen onlaýn berildi.

5-nji oktiýabrda geçen Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde bu harby türgenleşige taýýarlyklar barada yglan edilipdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” mundan owal beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň sentiýabrynda Türkiýäniň Trabzon şäheriniň uçar menziline gonan üç sany daşary ýurt söweş uçarlary uly gyzyklanma döredipdi.

Türkmenistanyň Howa Güýçleriniň Italýadan satyn alan “Leonardo M-346FA” kysymly üç sany söweş uçarynyň ýangyç almak üçin Türkiýäniň Trabzon şäheriniň howa menziline gonandygy belli boldy diýip türk mediasy ýazypdy.The post Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo) first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar