Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi

Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşa badalga berildi

Şu gün Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, ýaryşa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.

Ýaryşyň duşuşyklarynyň geçirilýän ýeri — Gyşky oýunlar sport toplumynyň 10 müň orunlyk ýapyk buz meýdançasyna köp sanly tomaşaçy ýygnandy.

Dabarada sport toplumynyň meýdançasyna bäsleşige gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Soňra açylyş dabarasynyň resmi bölümi başlandy.

Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ussat türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine hem uly üns berilýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaraly ýagdaýda ýaryş açyk diýlip yglan edilensoň, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň belent owazynyň ýaňlanmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy uly monitorda görkezildi.

Halkara ýaryşyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, medeniýet we sungat işgärleri hem-de sport mekdepleriniň okuwçylary aýdym-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dutaryň hem-de gargy tüýdügiň owazy astynda türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler we wideorolikler görkezildi.

Dabarada türkmen halkynyň dünýäde meşhur küştdepdi tansy hem ýerine ýetirildi.

Açylyş dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagym, Arkadagly Gahryman Serdarym atly aýdymy tomaşaçylar bilelikde ýerine ýetirdiler. Ol dabaraly çäräniň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Sungatda dostlukly gatnaşyklar berkeýär
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýurdumyzda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi