Türkmenistanda Jähennem gapysy diýip atlandyrylýan Derweze gaz krateri ýapylar

Türkmenistanda Jähennem gapysy diýip atlandyrylýan Derweze gaz krateri ýapylar

Türkmenistan Tebigy gaz ylmy-derňew institutynyň müdüri Baýrammyrat Pirniýazow, paýtagt Aşgabat şäherinde geçirilen "Türkmenistanyň Nebiti we tebigy gazy" atly halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda, Derweze gaz krateriniň takmynan 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýändigini habar berdi.

Derweze sebitinde köp mukdarda tebigy gazyň ýanýandygyny, onuň bolsa daşky gurşawa zyýan ýetirýändigini we şol sebäpli ýapyljakdygyny aýdan Pirniýazow: "Türkmen alymlary, çukura eňňit guýy açmagy teklip etdiler. Şol guýynyň üsti bilen gazyň çykarylmagy, atmosferada ýaýraýan gözegçiliksiz gaz zyňyndylarynyň azaldylmagy we akymlarynyň gözegçiliginiň üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar" diýip habar berdi.

Forumda Derweze gaz krateriniň ýapylmagy üçin daşary ýurtlardan gelýän teklipleriň hem gözden geçirilýändigi beýan edildi. Şoňa laýyklykda Belarussiýadan we Sloweniýadan alymlar taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýändiklerini türkmen tarapyna ýetirdiler.

Ýewropanyň Rekonstruksiýa we galkynyş bankynyň başlygy Odil Reno Basso, atmosferada ýaýraýan zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagy boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge we Derweze sebitinde ýerleşýän kraterdäki tebigy gazyň çykmagyny duruzmaga ýardam bermäge taýardyklaryny habar berdi.

Garagum çölüniň merkezinde ýerleşýän Derweze gaz krateri, 1970-nji ýyllarda SSSR zamanynda geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde emele geldi.

Topragyň çökmegi netijesinde emele gelen kraterden çykýan gaz, daşky gurşawa we ýaşaýyş ýerlerine zyýan ýetirýändigi üçin ýakyldy.

60 metr giňlige we 20 metr çuňluga eýe bolan krater içinden çykýän gaz sebäpli takmynan 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen alymlary Derweze kraterini ýapmagyň usulyny işläp düzdüler
ÝÖDB “Dowzah derwezesini” ýapmak üçin Türkmenistana kömek eder
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini öçürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistana Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy geldi
Ýygjamlaşýan adatdan daşary tebigy hadysalar ilaty ynjalykdan gaçyrýar