Türkmenistanda jokrama yssy bolar we Aşgabatda tozan tupany turdy

Türkmenistanda jokrama yssy bolar we Aşgabatda tozan tupany turdy

22-nji iýunda günortan Aşgabatda tozan tupany turdy. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä, daş-töweregi görmek onlarça metre çäklendi.

22-nji iýunda sagat 14-de “Türkmengidromet” diňe sekuntda 2 metr gowşak ýeli bellik edipdir.

“Meteonowosti” howa maglumatlary saýtynyň habaryna görä, Aşgabatda käbir ýerlerde ýeliň tizligi sekuntda 17 metre ýetdi.Bu Bofor görkezijisi boýunça “güýçli ýeliň” we “tupanyň” arasy bolýar.

Mundan öň “Meteojurnal” Mary,Lebap we Balkan welaýatlarynda güýçli ýeliň boljakdygyny duýdurypdy.

19-njy iýunda Türkmenabatda sekuntda 21 metre,Mary we Daşoguz welaýatlarynda sekuntda 14-15 metre çenli ýeliň bolandygy görüldi.

22-nji iýunda bolsa, Balkanabatda (öňki Nebit-Dagda) sekuntda 15-20 metre çenli ýeliň bolmagyna garaşylypdy.

Şol bir wagtda, neşiriň maglumatlaryna laýyklykda, 22-nji iýunda Türkmenistanda jokrama yssy bolar.

Käbir ýerlerde howanyň gyzgynlygy 43 derejä ýetmegi ähtimal.The post Türkmenistanda jokrama yssy bolar we Aşgabatda tozan tupany turdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Balkan ekerançylyk meýdanlaryny haşal otlardan arassalap, prezidenti garşylamaga taýýarlanýar
Begmedowa: Islendik adamyň hukugy bozulanda, mümkin boldugyça kän aýdyňlyk zerur
Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogyna Şagadam mynasyp boldy
Balkanabat şäherinde 157 sany ýaşaýyş jaýy gurlar
Türkmenistanly zyýaratçylar Saud Arabystanyna mugt iberiler, 29-njy iýunda Wladimir Putin Aşgabada geler, şahsy ulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýrarlar, Owganystana ynsanperwer kömegi we beýleki habarlar
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy