Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Kliniki ordinatura hakyndaky Düzgünnama laýyklykda, Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-kliniki merkezleriniň kliniki ordinaturalaryna azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen, bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza, şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomyny (daşary ýurtda bilim alanlar diplomyny we onuň deň derejelidigi hakyndaky Ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezmeli.

Gerekli resminamalar, şeýle-de klinika ordinatura kabul edýän lukmançylyk edaralarynyň sanawy, şeýle-de hünärler bilen baglanyşykly anyk maglumatlar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady
Klinton hassahanadan goýberildi
Turkowak sanjymynyň 3-nji tapgyr synaglarynda zyýanly täsirler hasaba alynmady
Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar
Ronaldo Ispaniýada ikinji saglyk merkezini açdy
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler