Türkmenistanda köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar

Türkmenistanda köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň gündogar-günorta sebitlerinde öýsüz adamlar göz-görtele köpelýär. Olaryň ençemesi, ýurtda howanyň temperaturasy gijelerine 1 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, özleriniň sowukdan goranmak we aman galmak mümkinçilikleriniň has-da agyrlaşýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji dekabrda maglumat berdi.

“Sowuk howada öýsüz galan adamlaryň, şol sanda çagaly eneleriň köpüsi köçelerdäki sowukdan goranmak üçin metjitleriň, gonamçylyklaryň sadaka berilýän myhman jaýlarynda ýatyp turýarlar. Olar bu ýerde ýaşaýar diýsek-de ýalňyşmarys” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Öýsüz adamlara otly wokzallarynda we awto-menzillerde hem köp duş gelse bolýar. Olar gijelerine otly we awto menzillerindäki binalaryň içinde ýatyp, gündizlerine köçelerde dilegçilik edýärler.

“Howanyň sowamagy bilen, gijelerine köçelerde aman galmak gaty kynlaşdy. Şol sebäpli metjitleriň, gonamçylyklaryň sadaka berilýän jaýlarynda ýaşamak rahat bolýar. Kimdir biri sadaka berse alýarys. Gündizlerine özümiz bilen çagalarymyz hem dilegçilik edip, gün görýäris” diýip, gonamçylyklaryň birindäki sadaka jaýynda galýan öýsüz ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Jaý kireýini töläp bilmän...Azatlykda bu metjitleriň, gonamçylyklaryň we wokzallaryň anyk nirede ýerleşýändigi we atlary barada doly maglumat bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan öýsüz ýaşaýjylaryň, şol sanda iki-üç çagaly eneleriň ençemesi ýurtda azyk we beýleki hyzmatlarynyň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda jaý kireýini töläp bilmändikleri sebäpli, ýaşaýan jaýlaryndan çykarylandygyny aýdýar.

“Ekin meýdanlarynda günlükçi bolup işleýärdim. Ýöne ondan alýan girdejimi gündelik azygymyza zordan ýetýärdi” diýip, iki çaganyň enesi öýsüz zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda güzeran eklenji ýaramazlaşyp, jaý kireýini töläp bilmeýän ýa-da jaýsyz galan adamlar barada aç-açan gürrüň gozgap, olaryň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine ýetirmeýärler. Bu barada resmi metbugatda hem gürrüň gozgalmaýar.

Ýurduň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde “doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlar” agzalyp geçilip, olaryň gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýandygy, döwlet tarapyndan mugt iýmit, egin-eşik, aýakgap, ýazuw we okuw esbaplary bilen üpjün edilýändigi, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mugt peýdalanýandygy aýdylýar. Ýöne kodeksde öýsüz, jaýsyz galan raýatlaryň durmuş goraglylygy barada maglumat göze ilmeýär.

Habarçymyz sebitde döwlet tarapyndan öýsüzleri wagtlaýyn saklamak üçin ýörite binalaryň göz öňünde tutulmandygyny, jaýlaryň ýokdugyny aýdýar. Şeýle-de, öýsüz ýaşaýjylaryň ençemesi ýerli häkimliklerden kömek sorap edýän ýüzlenmelerine hem hiç hili oňyn jogap berilmeýändigini belleýär.

Polisiýanyň reýdleri...“Döwlet tarapyndan öýsüz adamlaryň durmuş goraglylygyna maliýe taýdan ýardam berilmeýär. Umuman ýerli häkimiýetler olary kabul edip, arzlaryny hem diňlemeýärler” diýip, öýsüz galan ýaşaýjylaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, ýerli polisiýa işgärleri wokzallaryň binalarynda, metjitleriň we gonamçylyklaryň sadaka jaýlarynda ýatyp-turýan öýsüz adamlara garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

“Polisiýa bölümlerine getirilen öýsüz adamlar sorag edilýär.Olaryň näme üçin wokzallardam gonamçylyklarda, metjitlerde ýatyp-turýandygy soralýar.Polisiýa işgärleri bu adamlaryň başga gidere ýerleriniň ýokdugyny bilseler-de, otly we awto menzilleri ýaly köpçülik ýerlerinde görünmezligi talap edýärler.

Olaryň çagalara hem nebsi agyrmaýar, kömek-goldaw bermezden ýene daşary, köçä çykaryp goýberýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitleriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda öýsüz adamlaryň köpelýändigi baradaky maglumatlar mundan ozal koronawirus pandemiýasy döwründe we şondan soňky ýyllarda has köp ýygjamlaşypdy.

Şonda ýerli synçylaryň ençemesi muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda, ilat arasynda işsizligiň has-da artmagynyň we adamlaryň güzeran eklenjiniň öňküsinden hem ýaramazlaşmagynyň itergi berendigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öýsüz janawerleriň ilkinji merkezi hasaba alyndy
Öýsüz haýwanlar bilen bagly dawadan soň, Berdimuhamedow dabaraly açylyşa gelmedi
Aşgabatda it eýeleri dokument barlagyna sezewar edilýär, itleri elinden alynýar
Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?
Aşgabatda öýsüz jandarlary ýene zäherleýärler
Aşgabatda öýsüz itler we pişikler ýene tutulýar hem-de öldürilýär