Türkmenistanda Malaý gaz gysyjy desgasy işe giriziler

Türkmenistanda Malaý gaz gysyjy desgasy işe giriziler

Türkmenistan gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagynda ýakyn wagtda ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasyny işe girizer. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.

Bu desga çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi - Türkmenistandan Hytaýa “mawy ýangyjy” akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Belläp geçsek, Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energetika çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Energetika ulgamyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahat
Tebigy gaz durnukly energetika geçmekde esasy ugur
12.01.2021 | Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmen-hytaý gatnaşyklary pugtalandyrylýar