Türkmenistanda Özbegistan bilen serhetleri anyklamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy

Türkmenistanda 25-nji iýun 1-nji iýul aralygynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet araçägini kesgitlemek we belgilemek meseleleri baradaky özbek-türkmen hökümetara komissiýasynyň iş toparlarynyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek araçäginiň aýry-aýry bölekleriniň bilelikdäki öwrenilmeleriniň netijelerine seredildi. Iş toparlarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça Protokola gol çekildi.

2017-nji ýylyň martynda bäri, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana eden saparynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, uzak ýyllyk arakesmeden soň, iki ýurduň iş toparlarynyň döwlet serhetlerini belgilemek boýunça gepleşikleri dikeldildi.

Eýýäm serhet liniýalarynyň geçýän ýerlerini anyklamak boýunça 9 duşuşyk geçirildi diýip, Özbegistanyň DIM-i habar berýär.

Ýene degişli makalalar

“Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar
Diňle: “Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar
Türkmenistanyň prezidenti BAE-niň delegasiýasyny kabul etdi
BMG-da Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy maslahatlaşyldy