Türkmenistanda okuwçylara we talyplara agyz beklemek gadagan edilýär

Türkmenistanda okuwçylara we talyplara agyz beklemek gadagan edilýär

Türkmenistanyň welaýatlarynyň birindäki orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okuwçylara we talyplara agyz beklemek gadagan edilýär.

Bilim resmileri munuň sebäbini oraza tutýan ýaşlaryň huşuny ýitirýändigi bilen düşündirýärler. Ýaşlaryň ençemesi özleriniň dini däpleri berjaý etmek azatlyklarynyň çäklendirilýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy martda sebitden maglumat berdi.

“Şu günler welaýatyň orta we hünär mekdepleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň gapysynyň öňünde ýörite nobatçylar goýuldy. Bu nobatçylaryň elinde suw bolup, olar her okuwça we talyba suw içirip, olary okuw binasyna salýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlykda bu gadagançylygyň ýurduň haýsy welaýatynda güýje girizilendigi barada anyk maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli muny köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Ýerli bilim resmileri tarapyndan şu hepdäniň başynda duýdansyz güýje girizilen bu çäreler, oraza tutan köp okuwçynyň we talybyň mejbury ýagdaýda ir bilen agyzlaryny açmagyna sebäp boldy.

“Mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary agyz beklän ýaşlaryň ysgyndan düşýändigini we huşuny ýitirýändigini aýdyp, olara oraza tutmagyň gadagandygyny aýdýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Remezan aýynyň dowamynda, ýagny 30 günläp agyz beklemek bu musulmanlaryň ir säherden gün ýaşýança iýmit iýmekden we suw içmekden bilkastlaýyn saklanýan wagtydyr. Bu dini däp yslam dininiň esasy şertleriniň biri hasaplanýar.

Ýaşlaryň ençemesi agzyňy wagtyndan ozal bilip açmagyň günä hasaplanýandygyny belläp, özleriniň dini däpleri berjaý etmek azatlyklarynyň çäklendirilýändigini aýdýar.

“Geçen ýyllarda Remezan has yssy aýlara gabat gelende hem, agyz beklenişige beýle päsgelçilik bolmandy. Indi näme sebäpli beýle çäreleriň geçirilýändigi belli däl” diýip, ýerli ýokary okuw jaýynyň talyby anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu gadagançylygyň dini has içgin öwrenýän raýatlary gynandyrýandygyny hem aýtdy.

Azatlyk bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada welaýat häkimliginden we bilim bölüminden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa agyz bekleýän okuwçylaryň we talyplaryň arasynda huşuny ýitirenleriň bolandygyny ýa bolmandygyny hem häzirlikçe anyklap bilmedi.

Bu maglumat, ýurtda şu ýyl Remezan aýynda agyz bekleýän we metjitlere barýan adamlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, göz-görtele köpelendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli synçylaryň birnäçesi bu ýagdaýlaryň hökümeti, durnuksyzlykdan howatyrlanyp, alada goýýana meňzeýändigini aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri şu ýyl Remezan aýynda ýurduň dürli sebitlerinde biri-birine gapma-garşy çäklendirmeleri we talaplary güýje girizýärler.

Bir tarapdan, Aşgabadyň howpsuzlyk işgärleri metjitlerde “aşa dindarlary” gözläp, olary soraga çekýärler. Habarçylarymyz 18-nji martda beren maglumatlarynda howpsuzlyk işgärleriniň türmeden boşap, häzir dine ýykgyn edýän, namaz okap, agyz bekleýän adamlary köpçüligiň içinde kemsidýändigini hem aýtdylar.

Beýleki bir tarapdan bolsa, Lebapda häkimiýetler Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalaryň ençemesinde ýygnaklary geçirip, işgärlere agyz beklemegiň wajypdygy we raýatlaryň bu dini däbi berjaý etmekde “Arkadagdan”, ýagny Halk Maslahatynyň başlygy G. Berdimuhamedowdan görelde almalydygyny aýtdylar.

Şu aýyň başynda Balkanyň häkimiýetleri Remezan aýynyň öňüsyrasynda onlarça din wekiliniň aýyň dowamynda dükanlarda spirtli içgileriň hem-de doňuz etiniň söwdasynyň bir aý möhlet bilen ýatyrylmagy boýunça ýazan arzasyny ret etdiler.

Beýleki tarapdan bolsa, Marynyň Ýolöten etrabynda häkimiýetler Remezan aýynyň dowamynda dükanlarda alkogolly içgileriň söwdasyny bir aý möhlet bilen ýatyrdylar.

Ýurduň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýilýär.

Şeýle-de, onuň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, ilatynyň aglaba bölegi Yslam dinine uýýan, ýöne dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
Balkanda polisiýa işgärleri çagalaryň ýaremezan aýtmagyna böwet boldy’
Balkanlylara paranyň öwezine türmedäki hossarlaryny Gadyr gijesinde azatlyga çykarmaklyk teklip edilýär
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär