Türkmenistanda parlament saýlawlary geçirilýär

Türkmenistanda parlament saýlawlary geçirilýär

26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde geçirilýän bu ses berişligiň netijesinde diňe häkimiýete ygrarly dalaşgärleriň öňe saýlanjakdygyna garaşylýar. Ýurduň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi.

Sebitlerdäki habarçylarymyz saýlaw uçastoklaryna ses bermäge gelýänleriň sanynyň degişlikde azdygyny, şeýle-de maşgalanyň bir agzasynyň beýleki ýakyn garyndaşlarynyň adyndan hem býulleteneleri sandyga açyk oklaýandygyny aýdýarlar.

"Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherindäki esaslandyrylan ençeme, şol sanda Drama teatryndaky, Baş kitaphanadaky we Ak öýdäki saýlaw uçastoklaryna aýlandym. Guramaçylyk işlerine mugallymlary we terbiýeçeleri mejbury çekipdirler. Emma her uçastokda ses bermäge gelen diňe sanlyja adam göze ildi" diýip, 26-njy martda habarçymyz gürrüň berdi.

Saýlawlara ýurtdaky awtoritar režimi goldap çykyş edýän Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy we raýat toparlary dalaşgärleri hödürledi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň milli parlamentiniň deputatlygyna 258 dalaşgär hödürlenipdir we bellige alnypdyr. Şolardan 125 raýat mejlisiň deputatlygyna getiriler.

Ýerli halk maslahatlarynyň agzalygyna 2 müň 516 dalaşgär hasaba alnypdyr, ýerli Geňeşlere bolsa 12 müň 98 dalaşgär ýazylypdyr.

Parlament we ýerli saýlawlar boýunça umuman 14 müň 872 dalaşgär hödürlenipdir we Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnypdyr.

Azatlygyň habarçylary köp ýerlerde ýaşaýjylaryň hatda öz sebitlerinden dalaş edýän kandidatlary tanamaýandyklaryny hem aýtdylar.

Ses bermek üçin 2 müň 644 saýlaw uçastogy döredildi we ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy hasaba alyndy.

Daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi we daşary ýurtlarda ses berjek 13 müň 78 saýlawçy hasaba alyndy.

Ses berişlik ýekşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 07:00 başlanyp, şol gün 19:00-da tamamlanar.

"Saýlaw uçastoklarynyň daşynda dalaşgärleriň terjimehallary ýazylan bilbordlar ýerleşdirilipdir. Ses berijileriň olar bilen gyzyklanyp duranyny görmedim. Saýlaw çakylyklary mundan 20 güň öň paýlansa-da, ilatyň arasynda bu saýlawlara bolan gyzyklanma juda pes. Raýatlar sesleriniň netije bermeýändigini aýdyp, ses bermek hakyny hem ulanmaýarlar" diýip, habarçy sözüne goşdy.

Türkmenistanyň parlamenti 2021-nji ýylda iki palataly ulgama geçirildi, ýöne şu ýylyň başynda gaýtadan ýeke palataly ulgama öwrüldi we nobatdaky parlament saýlawlary yglan edildi. Iş ýüzünde türkmen parlamentiniň ygtyýarlyklary, beýleki döwlet institutlarynda bolşy ýaly, örän çäkli bolmagynda galýar.

Türkmen saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin şu wagta çenli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň synçy missiýasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary Aşgabada geldi.

Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri deputatlyga dalaşgärleriň saýlanyp seçilmeginde we olaryň deputatlyga hödürlenilmeginde korrupsiýanyň, para-peşgeşiň rol oýnaýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň saýlaw resmileri ses berişligiň geçirilişi we mümkin bidüzgünçilikler barada Azatlygyň soraglaryna jogap bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Parlament saýlawlary “köpçülikleýin mejbury çäräni” ýada saldy
'48 sagatlyk film'. Türkmenistanly awtorlaryň filmi Merkezi Aziýa bäsleşiginde ýeňiş gazandy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry täze aýdym-sazly komediýasyny sahnalaşdyrdy
Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen duşuşar
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Täsin ykbally zenan