Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen duşuşar

Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda blogçy Logan Pol bilen duşuşar

Boks boýunça agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson 2022-nji ýylyň fewralynda meşhur YouTube blogçysy Logan Pol bilen duşuşar. Bu barada Drama Alert portalyna salgylanyp, karate.ru habar berdi.

Taýson soňky gezek noýabr aýynda geçirilen görkezme duşuşygynda Roý Jons bilen ringe girdi. Bu tutluşyk doly dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary bilen deňme-deň tamamlandy. Maýk professional boksda 50 ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi.

Logan Pol barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda sportçynyň hasabynda professional boks boýunça bary-ýogy 1 söweş bar. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Logan eminleriň karary bilen blogçy KSI-den ýeňildi.

Pol şu ýylyň 7-nji iýun gijesinde Maýamide bäş agram kategoriýasynda boks boýunça öňki dünýä çempiony Floýd Maýwezer bilen görkezme söweşini geçirdi.Bu söweş doly 8 raund dowam etdi we deňme-deň tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 22-nji noýabr
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady
Boks boýunça dünýä çempiony Fýuri karýerasynyň soňky duşuşygynda ýeňiş gazandy
Maýk Taýson Hulu ulgamyny öz terjimehalyny ogurlamakda aýyplady
Taýson Fýuri Derek Çisora bilen tutluşmagyň hatyrasyna ringe dolanýar