Boks boýunça dünýä çempiony Fýuri karýerasynyň soňky duşuşygynda ýeňiş gazandy

Boks boýunça dünýä çempiony Fýuri karýerasynyň soňky duşuşygynda ýeňiş gazandy

Britaniýaly Taýson Fýuri watançaşy Dillian Uaýtdan üstün çykyp, Bütindünýä boks geňeşi (WBC) boýunça agyr agramda dünýäniň çempiony adyny gorap saklamagy başardy.

Şenbe güni Londonda Uemblide geçirilen duşuşyk altynjy raundda Fýuriniň nokaut etmegi bilen tamamlandy. Bu ýeňşi üçin ol karýerasynda rekord baýragy — 33 mln dollar gazandy. Öň, Fýuri bu duşuşygyň karýerasynda iň soňky boljakdygyny yglan edipdi. 33 ýaşly Fýuri professional ringde 33 duşuşykda 32 ýeňiş gazandy (23-si nokaut bilen). 2018-nji ýylda Deonteý Uaýlder bilen geçirilen duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi