Türkmenistanda sanly syýahatçylyk ösdüriler

Ministrler kabinetiniň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Bahargül Abdyýewa prezidente ýurtdaky syýahatçylyk senagatyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Belleýäris, Gurbanguly Berdimuhmaedow 12-nji noýabrda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowdan ýurda syýahatçylary çekmegi talap etdi.

Abdyýewanyň hasabat berşi ýaly, şu günki günde Syýahatçylyk boýunça döwlet komiteti 7 sany döwlet we 16 sany hususy syýahatçylyk kärhanasyna gözegçilik edýär, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýyrtlarda wagyz etmek üçin internet serişdeleri Döwlet komitetiniň we syýahatçylyk kärhanalraynyň saýtlary giňden peýdalanylýar.

2019-njy ýylda ýurduň içindäki we daşyndaky syýahatçylyk üçin ugurlaryň giňeldiljekdigi, şeýle-de şahsy syýahatçylygy ösdürmegiň nazarda tutulýandygy habar berilýär.

Prezidentiň tabşyrygyna laýyklykda, ýurduň 2019-2025-nji ýyllar boýunça ösüş programamsyna sanly syýahatçylygy girizmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.Türkmenistanda “sanly syýahatçylyk” diýmek bilen anyk nämäniň nazarda tutulýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň saýtynda görkezilen syýahatçylyk agentlikleriniň sahypalarynyň köpüsi elýeterli däl.

Öz gezeginde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda peýda bolýan täzelikleri hasaba almak bilen, ýurduň syýahatçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine, hünärli işgärleriň we ýolbaşçylaryň taýýarlarlanylmagyna ünsi çekdi.

Belleýäris, Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri bolmagynd agalýar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk wizasyny almak örän kyn.

Bu işi diňe Türkmenistanda iş ygtyrýarnamasy bolan syýahatçylyk agentlikleriniň üsti bilen etmek mümkin. Talaplarda görkezilmegine görä, wiza almak üçin boljak ugurlaryňy we barjak ýerleiňi görkezmek zerur.

Syýahatçy görkezilen myhmanhanada bolmaga borçly we şäheriň çäginden çykanda syýahatçylyk agentliginiň ýolbeledi tarapyndan ugradylar.

Ýanwatda prezident Syýahatçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa berk käýinç yglan etdi.

Döwlet baştutany martda Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň programmasynyň işlenip taýýarlanylmagyny tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Howpsuzlyk Boýunça Talaplaryny Kanagatlandyrmak Üçin Çalyşýarys
Maryda PÝGG işgärleri sürüjilere jerime ýazmak işlerini’ dowam etdirýärler
Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady
Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy
Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy
Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär