Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi.

Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy
Saýlawlar boýunça ses bermek başlandy