Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy, Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen duşuşyk geçirdi, Türkmenistanyň Mejlisine deputatlarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy, Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen duşuşyk geçirdi, Türkmenistanyň Mejlisine deputatlarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.Prezident hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek bilen, türkmen telekeçileriniň halkara derejede ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýändiklerini, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýändiklerini aýratyn nygtady.

Sergi 17 23-nji mart aralygynda öz işini dowam eder.

2.Prezident Serdar Berdimuhamedow Marten Buig bilen Buig kompaniýasynyň türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Buig kompaniýasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berdi.Duşuşygyň barşynda işewür Prezident Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi hem-de täze teklipleri beýan etdi.

3.Türkmenistanyň ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy.Möhletinden öň ses bermek mümkinçiliginden, ozaly bilen, uzak möhletleýin iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän raýatlar, saýlawlar gününde — 26-njy martda dürli sebäplere görä saýlaw uçastogyna gelip, ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar peýdalanyp bilerler. Ýurtda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 42-si döredildi.

4. Kazan dikuçar zawody Türkmenistana lukmançylyk gullugy üçin Mi-8 we Ansat kysymly iki sany dikuçary ýerlemek boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada Tatarystanyň premýer-ministriniň orunbasary senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko habar berdi. 2009 2021-nji ýyllar aralygynda Kazan dikuçar zawody Türkmenistana 13 sany dikuçar ýerledi.

5. Şmidt we Orlow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Okuw maslahatynda gümrük gullugynyň işgärlerine haryt nyşanlary bilen baglanyşykly maglumat berildi. Okuwyň dowamynda bilermenler meşhur haryt nyşanlarynyň mysalynda gümrük edaralary tarapyndan kontrafakt harytlaryň ýüze çykarylmagy, şeýle harytlaryň asyl nusgasyndan tapawutlandyrmagyň usullary barada maglumatlar bilen paýlaşdylar.

6.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Mirziýoýew bilen Şawat-Daşoguz serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça ýerine ýetirilýän amaly işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda geçen ýylda ýokary derejede geçirilen saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Dünýäde

7. Hindistanly Praanwi Gupta iň ýaş ýoga tälimçisi diýlip ykrar edildi gyzjagaz bary-ýogy ýedi ýaşynda. Ol YouTube-da öz sahypasyny ýöredýär, wideoroliklerde surata düşýär we eýýäm ýoga ussady diýen sertifikata eýedir, ol ýoga bilen 3,5 ýaşynda meşgullanyp başlapdyr. Gupta dünýäde iň ýaş ýoga tälimçisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

8. ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda halkara derejesinde Nowruz baýramy bellenildi, oňa 10 ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda milli lybaslar, gap-gaçlar görkezildi, halk sazlary ýaňlandy, myhmanlara milli aşhanalaryň tagamlary hödür edildi.

Sport habarlary

9.Russiýanyň Kubogynyň çärýekfinalynda Tolýattiniň Akron topary bilen Moskwanyň Lokomotiwiniň arasynda duşuşyk geçirildi, oňa türkmen futbolunda tejribe toplan 26 ýaşly Jamaldin Hojanyýazow gatnaşdy.Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň tamamlandy, 11 metrlik urgular (penalti) tapgyrynda Hojanyýazow ykbal çözüji goly geçirdi.

Birinji ligada çykyş edýän Akron Russiýanyň Kubogynyň ýarymfinalyna çykdy.Jamaldin Baýramaly şäherinde doglan.Ol 2012-nji ýylda Ýuriý Konoplýow adyndaky futbol akademiýasyndan Sankt-Peterburgyň Zenit toparyna geçdi we 17 ýaşynda Russiýanyň çempionatynda, şeýle hem UEFA Çempionlar ligasynda toparlaýyn tapgyrynda ilkinji gezek meýdança çykdy.

10. Janni Infantino Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine ikinji gezek täzeden saýlandy. Saýlawlar Ruandanyň paýtagtynda geçirildi. Infantino FIFA-nyň Prezidenti wezipesine ýeke-täk dalaşgärdi. Onuň şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenendir. 52 ýaşly hünärmen 2016-njy ýylda FIFA-nyň ýolbaşçylygyna bellenipdi, 2019-njy ýylda bolsa ikinji möhlete saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi
Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi