Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasyly ýygnalar

Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasyly ýygnalar

8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Habar berlişi ýaly, şu ýyl 620 müň gektara gowaça ekiler. Ýaz paslynda şunça meýdana gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Jeýhun”, “149 F”, “Gubadag-3”, “C-2606” hem-de inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi.

Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar.Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.

Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň bir müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si ulanylar.

Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda pagta ýygymyna girişildi
“Ak altyn” kerwenine badalga berildi
Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça Duşenbede geçirilýän Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji bäşlige girdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň 4 welaýatynda 23-nji martda, Daşoguzda bolsa 30-njy martda gowaça ekişi başlanar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi