Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýanlara ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýanlara ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýanlara ýeňillikli karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň maglumatlar portalynda hem ýerleşdirildi.

Tertibe laýyklykda, hususy telekeçi kiçi we orta telekeçilige degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Raýat Kodeksine, “Telekeçilik işi hakynda” we “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda amala aşyrýar. Ýeňillikli maliýe serişdeleri işlenip düzülen we tassyklanan Tertibiň çäginde telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.

Hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin karzlar Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim bilen 7 ýyl möhlete berilýär. Şunça wagtyň 2 ýyly ýeňillikli döwürdir.

Goldaw çäresi şu aşakdaky görkezilen maksatlary üçin gönükdirilmäge degişlidir:

Hususy telekeçiler karzlary almak üçin Karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

Adaty bukjadan başga-da, karz edarasy işiň maksatnama laýykdygyny tassyklaýan goşmaça resminamalary sorap biler.

Arza bereninden soň karz edarasynyň ýörite topary telekeçiniň tölege ukyplylygyny we iş meýilnamasyny barlaýar. Soňra 7 günüň içinde ýörite topar karz bermek ýa-da ret etmek barada hasabat berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda telekeçiler iň pes aýlyk hakynyň 500 essesine çenli karz serişdelerini alyp bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
Türkmenistanda programma üpjünçiligi üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy
Ýaponiýa, Ukraina 100 Million Dollarlyk Karz Berer
ÝTÖB Türkmenistanda €49 milliona barabar 32 taslamany durmuşa geçirýär
Karzaý, Eýranyň owgan halkyna berýän goldawyna ýokary baha berdi
Ýaşlar Watanymyzyň geljegi