Türkmenistanda tölegli esasda bilim alan talyplar ilkinji gezek önümçilik tejribeligini geçmezden diplom aldylar

Türkmenistanda tölegli esasda bilim alan talyplar ilkinji gezek önümçilik tejribeligini geçmezden diplom aldylar

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde tölegli esasda bilim alan talyplara diplom gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berildi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alan talyplar ilkinji gezek iki ýyllyk önümçilik tejribeligini geçmezden diplom aldylar.

Tölegli bilim alanlar mundan beýläk-de diplom almak üçin iki ýyllyk önümçilik tejribesini geçmeli bolmazlar. Elbetde, bellenilişi ýaly, bu lukmançylyk we pedagogika ylymlaryny öwrenýänlere degişli däldir.

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hukuk namalary hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, degişli Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji Karary bilen tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkezi açyldy
Türkmenistanda bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklandy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2-nji integrirlenen olimpiadany geçirýär
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi