Türkmenistanda tölegli okan talyplar ilkinji gezek iki ýyllyk tejribeligi geçmezden diplom alarlar

Türkmenistanda tölegli okan talyplar ilkinji gezek iki ýyllyk tejribeligi geçmezden diplom alarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň tölegli esasda bilim alan talyplary ilkinji gezek ozal ähli uçurymlardan talap edilýän hünäri boýunça iki ýyllyk tejribeligi geçmezden diplom alyp bilerler.

Uçurymlara diplom bermegiň tertibindäki bu üýtgeşme Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň TDH-nyň web sahypasynda çap edilen degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň tomsunda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň tölegli fakultetlerini tamamlanlary iki ýyllyk hökmany tejribelikden boşatmak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Diplom bermegiň tertibine girizilen bu üýtgeşme ÝOM-laryň lukmançylyk we pedagogika hünärleri boýunça tölegli okan uçurymlaryna degişli bolmaz — olar hökmany iki ýyllyk tejribeligi geçmeli bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda mekdep-internatlaryň 396-synda jemleýji döwlet synaglaryna taýýarlanylýar
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat...
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy