Türkmenistanda tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin tölegleriň täze möçberi kesgitlenildi

Türkmenistanda tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin tölegleriň täze möçberi kesgitlenildi

Tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin täze töleg düzgünleri girizildi. Degişli buýruga 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministry Ç.Babanyýazow gol çekdi.

Buýruga görä, tokaý gaznasyndan peýdalanylýan tokaý baýlyklarynyň möçberi degişli birliklere laýyklykda kesgitlenilýär.Meselem: ot ýatyrmak — gektarda; mal bakmak — ownuk we iri şahly mallar boýunça gektarda; balary maşgalalaryny we balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek — balary maşgalalarynyň öýleriniň san hasabynda; mellek, bakjaçylyk we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek — gektarda; dermanlyk ösümliklerini we tehniki çig maly, ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri we beýleki tokaý baýlyklaryny taýýarlamak-ýygnamak — kilogramda.

Degişli üýtgeşmeler hakynda buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda 1820 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Täze üýtgeşmeler bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
Prezident Tokaýew Pakistana sapar eder
Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Gazagystan täze konstitusiýany tassyklady
Prezident Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy