Türkmenistanda ýanwar aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Türkmenistanda ýanwar aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün --- 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň şu ýylyň birinji aýynyň makroykdysady görkezijileri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda jemi öndürilen önüm 8,2 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 24,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet Baştutany jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Diňle: HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary - 'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär'
'Zähmet haklary bazar sebedine gabat gelmeýär': HPG beýanaty we türkmen ykdysadyýetiniň reallyklary
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ 6,3 göterim derejede saklandy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy
Kuba ykdysadyýetde kriptowalýutalary ulanyp başlar