Türkmenistanda ýapon filmleriniň VII festiwaly açyldy

Türkmenistanda ýapon filmleriniň VII festiwaly açyldy

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan ýapon filmleriniň VII festiwalynyň açylyş dabarasy Aşgabat kinoteatrynda geçirildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Bu çäre Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdo şäheriniň datly aşhanasynyň aýratynlyklary barada beýan edýän Asmandaky restoran atly film bilen açyldy. Ýapon kinorežissýory Ýosihiro Fukagawa tarapyndan düşürilen film 2019-njy ýylda uly ekranlara çykdy.

Bu ýylky film festiwalynyň maksatnamasyna Diňe pişik bilýär filmi we Tekeşi Ýaşironyň režissýorlyk eden animasiýa ýygyndysy hem girdi. Olaryň görkezilişi 16-njy dekabrda 18:00-da we 17-nji dekabrda 13:00-da bolar.

23-nji dekabrdan başlap, ýokarda ady agzalan iki filmiň görkezilişi Türkmenbaşy şäherinde ýapon filmleriniň VII festiwaly ikinji gezek dowam eder.

Ýapon kinorežissýorlary tarapyndan döredilen filmlere iňlis we rus dillerinde subtitrler goşulýar.

Filimleriň ählisine giriş tölegsiz.

Türkmen ýaşlary ýapon medeniýeti, esasanam bütin dünýäde meşhur bolan kinematografiýa we ýapon animasiýasy (anime) bilen içgin gyzyklanýar. Çeşmäniň habar bermegine görä, biziň ýurdumyzda her ýyl ýapon dilini öwrenýän talyplaryň sany köpelýär.

Ýene degişli makalalar

“Köneürgenç” ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
Tireparazlyk we ýerliçillik çekişmeleri halk bilen häkimiýetiň barlyşyk boşlugyny 'açyp görkezýär'
Dynç alyş möwsüminde çagalaryň dilegçiligi problemasy ýitileşýär
Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär Türkmenabat
Türkmenistanda nyrhlar ýokarlandy, azyk gymmatlady
Aşgabatda ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan towugyň dörtden bir bölegini buz emele getirýär