Türkmenistanda ýene ýedi etrap pagta borçnamasyny amal etdi

Türkmenistanda ýene ýedi etrap pagta borçnamasyny amal etdi

Tamamlaýjy tapgyra gadam basan pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar. 9-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden we Kaka, Lebap welaýatynyň Saýat we Dänew, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Daşoguz welaýatynyň Gubadag we Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

Pagtaçylaryň bu üstünligi oba hojalyk işgärleriniň umumy tagallalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerine laýyklykda ýöriteleşdirilmegi, iş tejribesine bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýene-de birnäçe möhüm çäreler Türkmenistanyň alyp barýan oba hojalyk syýasatyna täze many-mazmun berdi hem-de bu ugurdaky wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Munuň özi türkmen obalarynyň keşbiniň düýpgöter täzelenilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap obasenagat düzümleriniň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, hususy ulgamyň işjeň ösdürilmegi ýaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ägirt uly wezipeleriň netijeli çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzüminiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda hem-de döwrebaplaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi hem-de awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamdaky maksada gönükdirilen çäreler obada iş hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaş işgärleri önümçilige çekmäge we ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda “СLAAS”, “John Deere” ýaly meşhur kompaniýalaryň tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Gurnaýjylaryň we inžener-işläp taýýarlaýjylaryň zähmeti bilen, olar ýyl-ýyldan barha kämilleşdirilip, öndürijilikli we dolandyryşda amatly häsiýetlere eýe bolýar.

Pagtaçylyk we däneçilik ekerançylygyň strategik ugurlarydyr. “Ak altynyň” hem-de bugdaýyň önümçiligi, gaýtadan işlenilişi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän obasenagat syýasatynyň hataryna girýär. Telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň höweslendirilmegi, olaryň düýpgöter täze ykdysady ulgamda amala aşyrylmagy oba hojalyk özgertmeleriniň häsiýetli aýratynlygydyr.

Ýygym möwsümi dowam edýär, her günde “ak altynyň” müňlerçe tonnasy kabul ediş bölümlerine tabşyrylýar. Indi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň bähbidine ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet esasynda ýygym möwsüminiň depgini has-da güýçlendirilmelidir.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly pagtaçylar şertnamadan artyk ak altyn tabşyrýarlar
Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Mary welaýatynyň 'reformaçy' täze häkimi oba ýolbaşçylaryny çalyşýar, 'talapkärligi talap edýär'
Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady
Türkmenistanda 1,25 million tonnadan gowrak pagta ýygnaldy
Deňizden öwser ýeli türkmeniň