Daşoguzly pagtaçylar şertnamadan artyk ak altyn tabşyrýarlar

Daşoguzly pagtaçylar şertnamadan artyk ak altyn tabşyrýarlar

Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündiz bökdençsiz kabul edilýär. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Pagtanyň aglaba bölegi birinji görnüşden kabul edilýär. Ol süýüminiň uzynlygyna görä görnüşlere bölünýär. Hasyl näçe çalt ýygnalsa, şonça-da onuň süýüminiň uzynlyk ölçegi artýar. Şu ýylky kabul ediş möwsümi şular ýaly guwandyryjy aýratynlyklar bilen tapawutlanýar. Bu bolsa barha beýgelýän pagta harmanlaryndan alynjak süýümiň hem hil derejesiniň has gowy boljakdygyny görkezýär. Ýokary hilli süýümden öndürilýän önümleriň hili-de oňat bolýar.

Obasenagat toplumyny ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde, pagtaçy ýer eýeleriniň has öndürijilikli işlemegi üçin amatly mümkinçilikler döredildi. Häzirki wagtda ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda pagta ýygýan kombaýnlar gije-gündizleýin tertipde netijeli işledilýär. Munuň üçin bereketli hasyl kemala getirilen 50 müň gektar meýdanda gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri geçirildi.

Ýygymda gündelik ýokary netijeleriň gazanylmagynda halal zähmet çekip, ýerden ýokary hasyl almagy başarýan pagtaçy kärendeçileriň mynasyp paýy bar.S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçisi U.Täjibaýewa 2 gektara barabar kärende ýeriniň her gektaryndan 41 sentner, B.Kadyrow 6,5 gektardan 38 sentner ak altyn ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda berjaý etdiler.

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Hakykat daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ý.Popow 4 gektardan 12 tonna, Gubadag etrabynyň Bereket daýhan birleşiginden B.Sapargeldiýewa 1,5 gektar ýerinden 5 tonna, Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden D.Şallyýew 1,5 gektardan 4 tonna, Akdepe etrabynyň Pagtaçylyk daýhan birleşiginden Laçyn Orazberdiýewa 1,5 gektara barabar kärende ýerinden 4,5 tonna, Köneürgenç etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginden Rejepbaý Işimow 10 gektardan 24 tonnadan gowrak hasyl alyp, netijeli zähmet çekmegiň göreldesini görkezdiler.

S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti pagta ýygymynda welaýat boýunça öňdäki hatarda barýar.Iri hojalyklaryň biri bolan bu paýdarlar jemgyýetinde ýetişdirilen pagta hasylynyň uly böleginiň kombaýnlaryň güýji bilen ýygnalyp alynmagy üçin ähli şertler döredildi.

Hojalygyň garamagyndaky kombaýnlaryň 45-siniň gije-gündiz bökdençsiz işledilmegi netijesinde, her günde ýygnalýan pagtanyň möçberi 300 tonnadan geçýär.Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Hakykat daýhan birleşiginiň ussat pagtaçylary şu ýyl 900 gektar meýdanda ak altynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler.

Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 1980 tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar.

Kärendeçi daýhanlaryň müňlerçesiniň agzybirlikli zähmeti, pagta ýygýan kombaýnlaryň, ýygnalan hasyly harmanhanalara daşaýan 1 müň 640-dan gowrak ulagyň bökdençsiz işledilmegi welaýatda gündelik ösüşiň artmagyna şert döredýär.

Ýene degişli makalalar

Döredijilik sergisi
AJAP EÝÝAMYNYŇ JANLY ÝODASY
Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleri welaýatlar boýunça jogapkär edip belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi