A.Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli wise-premýer wezipesinden boşadyldy

A.Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli wise-premýer wezipesinden boşadyldy

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, Prezident Serdar Berdimuhamedowa haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutany wise-premýeriň haýyşyny kanagatlandyrmak bilen, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda degişli Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Karary bilen, Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan boşadyldy.

Annageldi Ýazmyradow bu wezipä Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda bellenilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar
Türkmenistanda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi
Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi