Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar

Saud Halkara senetçilik hepdeliginiň üçünji tapgyry, ýagny Banan atly hepdelik, 2025-nji ýylyň 13-26-njy noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Oňa 40-dan gowrak ýurtdan, şeýle hem 400-den gowrak ýerli senetçi gatnaşýar.

2025-nji ýyl Senetçilik ýylynyň çäklerinde geçirilýän bu çäre ýerli işewürlere mükinçilekleri döretmek, olaryň bazardaky ornuny ýokarlandyrmak we başarnyklaryndan peýdalanmak maksady öz içine alýar.

Bu ýyl senetçilik hepdeligine Türkmenistandan hem wekiliýet gatnaşýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri elde dokalan haly önümlerini, kümüş şaý-seplerini we keramika önümlerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam kafedrasynyň mugallymy Oguljennet Mollaýewa Saud Arabystany Patyşalygynyň hökümeti tarapyndan guralan çäräniň milli mirasy giňden wagyz etmek we myhmanlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawynda milli türkmen haly sungaty bilen tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini nygtady.

Myhmanlar Akademiýanyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewden bolsa gulýaka, tumar, bilezik ýaly dürli milli şaý-sepler we olaryň medeni ähmiýeti barada öwrendiler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hezretguly Annageldiýew myhmanlara öz täsin işleri barada gürrüň berdi. Olaryň arasynda ajaýyp güldanlar, küýzeler, heýkeljikler we beýleki keramika işleri bar. Mugallym her bir eseriň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp ýasalandygy barada belledi.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Döredijilik sergisi
AJAP EÝÝAMYNYŇ JANLY ÝODASY
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy