Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar

Ýene wise-premýer täzelendi; Oba hojalygy alada bolmagynda galýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Annageldi Ýazmyradowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, wezipesinden boşatdy. Şeýle-de ol Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy wezipesinden boşadyldy.

Ýazmyradow wezipesinden galla oragynyň barşy barada beren hasabatyndan soň boşadyldy. Döwlet baştutany onuň hasabatyny diňläp, TDH-nyň anyklaşdyrman habar bermegine görä, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we wise-premýer saglyk ýagdaýy sebäpli işden boşadylmagyny sorady.

2019-njy ýylyň fewralynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenen we sentýabr aýynda bu wezipeden wagtlaýyn boşadylan A.Ýazmyradow 2022-nji ýylyň aprelinde prezidentiň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenip, şol ýylyň iýunynda hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine geçirildi.

A.Ýazmyradowyň soňky bäş ýylda eýelän uly wezipeleri ýurduň iň bir tankyt edilýän pudaklarynyň birine, oba hojalygyna degişli bolup, onuň bölekleýin tassyklanan meseleleri çözmekde we yglan edilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde nähili rol oýnandygy, başaran ýa başarmadyk işleri anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanda soňky onýyllyklarda uly kadr geldi-geçerligi döredi we synçylar welaýat häkimi, wise-premýer bolan emeldarlaryň diňe döwlet baştutanynyň özübiň saýlap almagynda we gözegçiliginde işleýändigini, soň olaryň ýa işinde goýberen kemçilikleri, ýa-da başga işe geçmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden boşadylýandygyny, bu meselede ilkinji nobatda prezidentiň jogapkärçiliginiň uly bolmalydygyny öňe sürýärler.

Türkmenistanyň oba hojalygynda 1990-njy ýyllardan bäri onlarça jogapkär işgär, şol sanda sebit häkimleri, wise-premýerler täzelendi. Emma olaryň işine doly we töwerekleýin baha berilmedi.

Döwlet baştutany Ýazmyradowyň ornuna Taňryguly Atahallyýewi belledi, ol mundan öň Balkan welaýatyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde oba hojalygyndaky agyr ýagdaý, ýerleriň şorladylmagy, hasyllylygyň pes bolmagy, hususan-da suw meselesi bilen bagly kynçylyklar käte bölekleýin boýun alynýar, şol bir wagtda-da metbugatda bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilýändigi, importyň öwezini tutýan we eksport edilýän önümleriň ýyl-ýyldan köp öndürilýändigi habar berilýär.

Hökümet mejlislerinde, metbugatda döwlet dükanlarynyň agzyndaky çörek nobatlary agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

A.Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli wise-premýer wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň obasenagat toplumyna täze wise-premýer bellenildi
Türkmenistanda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi
Ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, obasenagat toplumynda iş taşlaýan adamlar köpelýär
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi