Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine talabalaýyk ideg etmek, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi