Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, haşal otlaryň garşysyna hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça göreş çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi