Türkmenistandaky azyk önümleriniň bahalaryna syn

Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň bazarlaryndaky harytlaryň bahalarynyň ösüşine yzygiderli syn edýär.

Bu baradaky soňky synyň çap edileninden bäri geçen üç aý içinde harytlaryň käbir görnüşleriniň bahasy ep-esli ýokarlandy.

Gök önümleriň bahalary, möwsümiň çalyşmagy we ýurt içinde öndürilýän önümleriň iş ýüzünde düýpden ýeterlik bolmazlygy bilen baglylykda ep-esli gymmatlady. Ýer almasy we düýp sogan Eýrandan getirilýär, hyýar we pomidor Türkiýeden getirilýär. Olaryň 1 kilogramy, ozalkylary ýaly, 3,5 manatdan satylýar.

Ýurt içinde öndürilýän pomidorlar bireýýäm, tükendi we häzir tekjelerde diňe Türkiýeden getirilen pomidorlar galdy. Olaryň 1 kilogramy 8,40-12 manatdan (ozal 2 manatdandy), hyýar hem Türkiýeden getirilen we 1 kilogramy 4,6 manat (ozal 1 kilogramy 1,8 manatdy).

Prezidentiň ýurtda gurulýan ýyladyşhanalaryň gurluşygynyň haýallygyndan nägile bolýandygy habar berlipdi. Bu ýyladyşhanalar ýurduň oba we şäherleriniň ilatynyň ählisini ýylyň dört paslynda gök we bakja önümleri bilen üpjün etmeli.

Şeýle-de miweleriň bahasy gymmatlady. Eýrandan getirilýän almalar 16 manat bolanlygyndan 19,10 manat, bananlar 9 manat bolanlygyndan 11 manada çenli gymmatlady.

Konserwa önümleriniň hem bahalary gymmatlaýar. Olar geçen ýyl 30% gymmatlady. Iýuldan bäri konserwirlenen RITA nohutlary 5,00 manat bolanlygyndan 8,40 manada çenli gymmatlady, RITA mekgejöwenleri — 6,00-dan 8,40 manada çenli gymmatlady.

Peýnir geçen ýylyň başynda birden gymmatlady, soňra dükanlaryň tekjelerinden ýitirim boldy. Häzir peýniri ýene getirýärler. Iýuldan bäri Gouda peýniri 45,00-den 48,00 manada çenli gymmatlady. “Rossiýskiý syr” kilogramy 58,00-den 62,80 manda çenli gymmatlady.

Orsýetiň ösümlik ýagy (Oleýna) litri 8,50-den 12,10 manada çenli gymmatlady. Rus ununyň kilogramy (Sar, Pioner) 4,80 manat bilen 5,20 manat aralygynda. Ozal olaryň kilogramy 3,6 manada durýardy.

Geçen ýyldaky defisitden soň şekeriň getirilişi kadalaşdy. Şu günki günde döwlet dükanlarynda şekeriň kilogramy 5 manat. Onuň bahasy awgustdan bäri üýtgemedi. Satyn almaga çäklendirme ýok.

Umuman alnanda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň bellemeklerine görä, häkimiýetleriň importyň öwezini tutaýn önümleri köpeltmek synanyşygynyň netijeleri görünýär.Tekjelerde ozal bolmadyk ýerli önümler peýda boldy. Şol bir wagtda biziň azyk senagatamyzyň işgärleriniň arasyndaky çeşmelerimiz importyň ornuny tutýan önümler ýerli zawodlarda öndürilýän hem bolsa, olaryň zerur komponentleriniň dürli konserwantlaryň, azyk stabilizatorlarynyň, goýadyjylaryň we beýleki gerekli elementleriň daşary ýurtlardan getirilýändigini gürrüň berýärler.

Şol bir wagtda önümleriň hili, çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, taýýar import harytlaryň derejesi bilen deňeşdirerden daşda. Emma, olaryň bahalary tas birmeňzeş diýen ýaly. Mysal üçin, ýerli önüm bolan “NUR” markaly maýonez 11,60 manada durýar, onuň Russiýadan getirileni bolsa, 12 manada durýar. Şol bir wagtda import önümiň hili has ýokary.

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda walýuta konwertasiýasyna rugsat berlenden soň azyk nyrhlary arzanlaýar
Türkmenistanyň bazarlarynda “görkezme-esbap” towuk etleri peýda bolup başlady
Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar